- Milli Kültür Araştırmaları Dergisi
- Volume:6 Issue:2
- Milli guşaklar halkymyzyñ etnografiya baýlygydyr
Milli guşaklar halkymyzyñ etnografiya baýlygydyr
Authors : Aynabat BABAÝEWA
Pages : 127-133
Doi:10.55774/mikad.1202173
View : 9 | Download : 13
Publication Date : 2022-12-30
Article Type : Research Paper
Abstract :Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda milli lybaslara aýaratyn orun degişlidir. Geýinmek we bezenmek medeniýetiniň esasyny emele getirýän milli lybaslar etnografiýa ylmy nukdaý nazaryndan halkymyzyň ruhy dünýäsini, nepis el işleri senediniň özboluşlylyklaryny içgin öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Guşaklar milli lybaslarymyzyň ýaraşygy-gelşigi bolmak bilen, ol ykjam geýinmegiň hem-de ynsan saglygyny goramagyň özboluşly serişdesidir. Ezber elli senetçiler guşaklaryň dürli görnüşlerini olary dakynjak adamyň ýaşyna, abraý-mertebesine görä taýýarlapdyrlar. Olaryň bezelişine-de ulanylyş maksadyna laýyklykda gözellik çaýypdyrlar. Munuň özi guşagyň geýinmek medeniýetindäki ornuny kesgitläpdir we durmuş ähmiýetini ýokarlandyrypdyr.Keywords : lybas, Mata, Guşak, Bezeg